#duralga
Saýta girAgza bolmak
Mowzuk | Erkin mowzuk | Türkmen dilinde
Gözleg
  Aşaagramlylyk (Lift).
Dark_Wolf   Dark_Wolf (13.08.2019 / 11:36)
" Bir Ata, ýüz mugallymdan gowy ".
@saudäde, agzanyň "lift" mowzugyndan soňky pikirler.

Tehnologiýa hakynda hem çyrşap göreli diýdik, bilýänje zadymyzy..
Dünýäde islendik gowy zadyň erbet tarapy bolaýmaly. Ol adam ata döränden bäri bar. Ýöne men soragyma jogap däl-de başgarak zatlar.....ýöne onuň jogabyny tapdym we siz bilen paýlaşaýyn diydim. Fizikanyň kanunlaryna ýüz tutsak aşaagramlylyk we aşaagramsyzlyk diyen zatlar bar. Haçanda islendik zat ýokardan aşak gaçanda agramsyzlyk ýagdayynda bolýar. Aşakdan yokaryk gideninde bolsa agramlylyk ýagdaýynda bolýar.

P=m(g-a)
jisim aşak gaçandaky agramynyň formulasy.

P=m(g+a)
jisim dik ýokarlygyna hereket edendäki agramyň formulasy.

Bulardan netije çykarsak adam liftde wagtynda aşaagramlylyk we aşagramsyzlyk ýagdayynda bolup adamyň aýagyndaky bogunlaryna zyýan ýetýär. Kosmonawatlar kosmos ýerden ýokary uçuş wagtynda ýatyp uçýarlar eger-de ýatman dik dursalar ya-da otursalar süňkleri owranýar.

Elbetde lifti ulanmaly dal diýlenok bärde, ýöne zyýan ýerlerini aýdýar. Meselem mobil telefony alaly: 10 ýyldan soň adamy rak keseline eltmegi mümkin , geçirilen tejribe şeýle: syçanyň gulagyna ykjam telefony oturdyp, oňa günde iki gezek jaň edipdirler , eger jaňa jogap berilmedik ýagdaýynda syçan iki yylda, jaň kabul edilen ýagdaýynda bolsa ondanam tiz rak kesel bolupdyr. Şeýlelikde, ony ulanmak gadagan dälde ondanam gowy we zyýansyz hilini oýlap tapjak bolmaly.

P.s Liftde wagtyňyz liftiň trosy üzülme ähtimallygy pes (juda Hudaý tutaýmasa bular ýaly bolonok). Sebäbi ol zatlar awtomatik kantrolda saklanýar. Tok öçende lift öçüp biler, diňe gapy açylanok we 2 etažyň aralygynda galanda ýokaryk ýada aşak süýşenok, bu diňe köne liftlerde şeýle. Täze elitni liftlerde tok öçende lift öçýä, ýöne az wagtlyk we lift atomat usulda haysy bolsa bir etaža süýşýä we gapysy açylýa. Diňe gorkuly ýeri, lift.duranda birden silkip durýa we çyrasy öçýä, seni az wagtlyk howada saklap zyňýa aşak. Ýöne ol aşak gaýtdygy däl, emma ýüregiňi bir hili edýä, ejiziräk bolsaň gorkuzýaram, sussuňy hem basýar. (Praktikamdan aýdyp oturandyr. Sebäbi kän liftde galdym). Köne mikrayonlaň liftleriniň içinde galmagy hiç kimede arzuw edemok. Garaňky Tabydyň içinde galan ýaly.
Elif   Elif (13.08.2019 / 13:10)
Bir gelen sawcy dayza ,,Lililifit" diyádi ))
  Gulaym (13.08.2019 / 13:13)
Gorkuzyanyzay biz yaly etajda yasayanlary
  saudade1 (13.08.2019 / 13:57)
Bet bet drug
MYLAÝYM   MYLAÝYM (13.08.2019 / 19:01)
Ýaşa!
Men ýaly towşan ýüreklileriň okamaly zad-a däl eken weli, ýöne, bilesigelijilik gursumda.
Dark_Wolf   Dark_Wolf (13.08.2019 / 19:08)
" Bir Ata, ýüz mugallymdan gowy ".
# MYLAÝYM (13.08.2019 / 19:01)
Men ýaly towşan ýüreklileriň okamaly zad-a däl eken weli, ýöne, bilesigelijilik gursumda.
Öwrenişdigem bizä.
  Artykoff (13.08.2019 / 22:57)
Men bilýän, sen bilýäñ, meniñ bilýän zadym...
Bizem kop galdyk shol zaññaryñ içinde, bir gezek dagy 6 sagat oturdym.
  Ählisi: 7
Awtor boýunça gözlemek
Mowzugy ýüklemek
Mowzuklara
Ýokary
Baş sahypa
Duralga.Ru - Ähli hukuklar goragly!