#duralga
Saýta girAgza bolmak
Mowzuk | Edebiýat | Goşgy
Gözleg
  JYNLY JAÝ
ZyYada   ZyYada (13.08.2019 / 12:25)
JYNLY JAÝ

Ýaş oglandym, gara gijäň tümünde
pyýadalap, oba ýetip barýardym.
Bir azajyk gorky bardy köňülde,
Çalaja sykylyk atyp barýardym.

«Wagaň ýurdy» diýerdiler ol jaýa,
öň adam öldürlen, bir jynly ýerdi.
Bu ýerden gijeler asmanyň Aýam
Howp edýän deý biraz öwrüm ederdi.

Obaň belli içegeni şäherden
gygyryp gelýärkä, şol ýere ýetse,
sesini-üýnüni çykarman, birden
serhoşlykdan açylardy neresse.

Ine, men şol taýa ýetip gelýärkäm,
«Haýt!» diýip, bir gara çykdy gapdaldan.
Elinde hanjaryn tutupdyr mäkäm,
derrew gaçdym, gaçan ýaly gaplaňdan.

Gözüm peträp ýanýar, ýok indi tümlük,
asla bildirenok gijäniň sowgy.
Sesime çat açdy doňan ümsümlik,
ajal ýaly ýetip gelýärdi kowgy.

Ylgaýan, ol bolsa uçup gelýärdi,
Haraý ýokdy maňa ýerden-asmandan.
Ýüregim agzymdan çykyp gelýärdi,
El üzdüm Hak beren bu ýalňyz jandan.

Görsem, durun jynly jaýyň öňünde,
girdim undup jyn-arwahy, şeýtany...
Öňler sowlup geçerdim men deňinden,
men indi içinden gördüm bu tamy.

Başga wagt gaçardym yza garaman,
häzir welin penakärdi jynly jaý.
Edil ortasynda köne harabaň
alty sany arwah otyr.
Ýa, Hudaý!

— Ýeri-ow, oglan, bolup gelşiň nätüýsli,
gaçyp geldiň muňa haýsy beladan?..
Men diýdim: — Eý, Allam, gudratyň güýçli!
kowup gelýär eli hanjarly adam.

— Adammy? Aý, onuň işi aňsat-la—
diýip, alty arwah eýledi perwaz.
…Eý, Adam, her pursat Allany ýatla,
Allany çagyrdym, köşeşdim biraz.

Sag bol aýdyp ýetişmedim jynlara,
horazlar gygyryp, örüzdi ili.
Ýitip gitdi eli hanjarly gara,
Indi bolsa, bu wakanyň teswiri:

Adama uly howp abanan wagty,
başga howp-hatarlar görünýär ownuk.
Bir-birege hormat azalan wagty,
adam öz-özünden bir gyra sowlup,

saýra ýüz tutmaga bolarmyş mejbur,
arwah oňat bolup görner beşerden.
Şoň üçin bir-biri söýmegmiz zerur,
Haýr işe ýar bolup, daş durup şerden.


Atamyrat Atabaýew.
Elif   Elif (13.08.2019 / 13:17)
Çalaja sykylyk atyp barýardym.

,,Gije sykylyk atmak arwah cagyrÿa" diÿip okadym bir ÿerde. Shondan cen tutsañ olary ôzi cagyrypdyr
Aoki   Aoki (13.08.2019 / 13:51)
Soul_mi_sol🌷
Gaty tasirli yazylypdyr. Onsuzam, agsam dasary cykmana gorkyadym vn inda hasam beter...
Sag bol, Zyyada yetirenine!10/10
ZyYada   ZyYada (13.08.2019 / 13:55)
sizem okap öz pikriňizi ýazanyňyz üçin sag boluň
Rozalinda   Rozalinda (13.08.2019 / 17:11)
Tasirli .Edil kino gorup oturan yaly boldum-da)) Sag bol Zyyada paylasanyna.
ZyYada   ZyYada (13.08.2019 / 17:12)
okanyň ü.n sag bol
Güljan🎧♾🐼💕   Güljan🎧♾🐼💕 (13.08.2019 / 18:58)
Музыка-это жизнь,что на душе,то и в наушниках🎧💜
Menem jynly jaya gidesim gelia
Lunluchi   Lunluchi (13.08.2019 / 20:07)
Öÿümiziñ Jynjagazy
# Güljan🎧♾🐼💕 (13.08.2019 / 18:58)
Menem jynly jaya gidesim gelia
Soñ name edesiñ gelýär?
Güljan🎧♾🐼💕   Güljan🎧♾🐼💕 (13.08.2019 / 20:12)
Музыка-это жизнь,что на душе,то и в наушниках🎧💜
# Lunluchi (13.08.2019 / 20:07)
Soñ name edesiñ gelýär?
Soñam jyn bn aylanmana gidesim gelia
psychologist ❤️   psychologist ❤️ (13.08.2019 / 20:14)
Manysy çuñ eken...
  ShIRHAN (13.08.2019 / 22:04)
"Käwagt adamlara seredende, jynlaram şeýlebir gorkunç däl" diýjek bolupdyr öýdýän Atamyrat aga. Ýalňyşmaýan bolsam...
ZyYada   ZyYada (13.08.2019 / 22:11)
ShIRHAN, şeýle bolaýmasa 😊
  Ählisi: 12
Awtor boýunça gözlemek
Mowzugy ýüklemek
Mowzuklara
Ýokary
Baş sahypa
Duralga.Ru - Ähli hukuklar goragly!