#duralga
Saýta girAgza bolmak
Mowzuk | Edebiýat | Goşgy
Gözleg | Makaladaky faýyllar (3)
  -O niçik zat, eneleri baky ÿatladyp duran?
Elif   Elif (13.08.2019 / 16:21)
Gurbanÿaz Daśgynow \ Çôrek


-,,Baÿ" sôzûni sowgat deÿ birine gowśuran nàme?
-Çôrek.
-,,Garyp" sôzûn palçyk edip birine ÿabśyran nàme?
-Çôrek.
-,,Baÿ", ,,Garyp" diÿip, adamlary topara bôlen nàme?
-Çôrek.
-Agzybirlik bar ÿerde saçaga dolan nàme?
-Çôrek.
-Agzybirluk ÿok ÿerde tutan nàme nogtadan?
-Çôrek.
-O nàme zat, atamy ,, Batrak" edip enteden?
-Çôrek.
-Sûÿtden aÿrylan çagañ gôzûne ilen nàme?
-Çôrek.
-Àleme àlem bolan gudratly àlam nàme?
-Çôrek.
-O niçik zat, Adamzady baky ÿaśadyp yôren?
-Çôrek.
-O niçik zat, eneleri baky ÿatladyp duran?
- Çôrek
-Bu gûn toÿuñ sanyny barha artdyrÿan nàme?
Çôrek.
-Bu gûn dûrli maśynda bizi ÿortdurÿan nàme?
-Çôrek.
-Kàteler adamlary gurjak deÿ bezàn nàme?
-Çôrek.
- Kàmahallar bahasy arzandan arzan nàme?
-Çôrek.
-Hapa dökûlÿàn ÿerde ûÿśûp ÿatan zat nàme?
-Çôrek.
-Onda meniñ bagryma ÿapyśan bu ot nàme?
-Çôrek.
Sylabilsek, gûlletjek gudratly alkyś nàme?
-Çôrek.
- Bolmasa gôzûñ tutjak gudratly gargyś náme?
-Çôrek.
ýüklenen faýyl:
Suraty görmek üçin basyň
(172.32 кб.)
Ýüklenilen: 5 gezek
Elif   Elif (13.08.2019 / 16:23)
Çagalygy. ,,Kôñûl kelamy" kitabyndan aldym.
ýüklenen faýyl:
Suraty görmek üçin basyň
(223.74 кб.)
Ýüklenilen: 4 gezek
Elif   Elif (13.08.2019 / 16:24)
Kerim Gurbannepesow bilen
ýüklenen faýyl:
Suraty görmek üçin basyň
(259.09 кб.)
Ýüklenilen: 5 gezek
Elif   Elif (13.08.2019 / 16:25)
Gurbanÿaz Daśgynow / Pul

Soÿeni sôÿÿàrsiñ!
Ynha bir bellik:
Saklana- mûñ gûnlûk,
Ÿogsam, bir gûnlûk.

Her hili bolśuñ bar,
Men muny gôrÿàn:
Bar wagtyñ - agzymy
,,Oÿnadyberÿàñ..."

Hem hasaby,
Hem azaby halaÿañ,
Hem halaly,
Hem aÿaly ,,halaÿañ"

Eÿ, meniñ mydama
Azajyk pulum,
Seni menden
,,Gowy gôrÿàr" aÿalym.

Eÿ, meniñ mydama
Azajyk pulum,
Men- seniñ guluñ dàl,
Sen- meniñ gulum!

Eÿ, meniñ azajyk
Ysly ,,kagyzym",
Ynjan bolsañ,
Geçeweri ÿazygym?!

Śu gûn sen hakynda
,,Gijedi" dilim
Eÿ, meniñ azajyk,
Hôzirli pulum.
Elif   Elif (13.08.2019 / 16:38)
,,-Agzybirluk ÿok ÿerde tutan nàme nogtadan?"

Nogta náme?
Elif   Elif (13.08.2019 / 17:11)
Dowran   Dowran (13.08.2019 / 17:56)
Sag boluñ paylaşanynyza!!!
Dowran   Dowran (13.08.2019 / 17:59)
Gaty haladym!!! Beyleki mowzuklaryñyzda-da okapdym shu shahyryñ goshgularyny!!! Soraşdyrayyn diyp yördum. "Şahyr nireli, nacenji yyl?....
MYLAÝYM   MYLAÝYM (13.08.2019 / 18:53)
Ýaşa!
Şeýle gowy mowzuklary paýlaşanyňa minnetdar, Elif. Şu G.Daşgynowyň Öre Daşgynow diýibem bir inisi şahyrdy. Şonuň goşgularyndan bar bolsa, ýetiräý!
Elif   Elif (13.08.2019 / 19:17)
MYLAÝYM, Hawa, shol kitabynda onuñam suraty bar eken. Ôre Daśgynowyn cagalar ûcin yazanlaryny okapdym.
Elif   Elif (13.08.2019 / 19:22)
Dowran, Šahyryñ asly Kôneûrgencli bolaymasa. Suratyndan cen tutyp diyyân. Bir gośgusynda-da bardy, kakasy eśekli Kôneûrgenjiñ bazaryna gidÿádi, gelÿádi. Kôneûrgenji kop agzaÿar. Eśdiśime gôrá ÿogalan...
Tekgemuhammet   Tekgemuhammet (13.08.2019 / 19:38)
Nogta- Ýaşajyk göleleriň, köşekleriň we ş.m. mallaryň kellesine kelleki görnüşinde salyp, itmek, daňmak üçin ýüpden edilen enjam. Häzir gölämize nogta eder ýaly ýüp işdirýän (A. Durdyýew).
Tekgemuhammet   Tekgemuhammet (13.08.2019 / 19:39)
Elif, Nogta - boyunbag ýaly zat
Elif   Elif (13.08.2019 / 19:58)
Tekgemuhammet, Aga sag bol!
Dowran   Dowran (13.08.2019 / 20:14)
Biz taraply ekena!!!
Elif   Elif (13.08.2019 / 20:45)
Gurbanÿaz Daśgynow / Bagyśla...


Boÿun bolman durmuśdaky dûzgûne,
Gôwne degip, gabananmy, bagyśla?!
Lowurdanda, ÿûzûk ÿaly ÿûzûñe,
Kôlege dek abananmy, bagyśla?!

Ÿigit ÿetip gôzlerimi çenánim,
Sen bolupdyñ dilegimde dilánim.
Gyzydyñ sen bir ajaÿyp enániñ,
Perizada sanalanñy bagyśla?!

Oñup bilmen ol gûnlere seretmán,
Sen bagtyñ ôzûne beÿik bagytkañ.
Çynym aÿtsam, seni sôÿen ÿigit kán,
Šolardanam, saÿlananmy, bagyśla?!

Dogry, ÿarymgôwûn, bir ynjykdyryn,
Káte-agras, káte-yeñiljekdirin.
Guwandym, guwanÿan, guwanjakdyryn,
Gôrûplerden gabananmy, bagyśla?!.

Nádeÿin, ÿalñyśym bilÿán agyry,
Ÿalñyślar- bagrymy dilÿár ahyry.
Sen meniñ uly bir dûnÿám ahyry,
Kiçeltmáge synananmy bagyśla?!

Bilyáñ-à sen, mende uly gôwûn ÿok,
Ÿûregimde çôzûp bolmaz dûwûn ÿok.
Gaharlansam, ÿazylaryn, soñum ÿok,
Iññirdánmi, igenenmi, bagyśla?!

Gujagyñda bûrgûdim bar, bûrgûdim!
Umydym - ol gazanar il hormatyn?!
Meniñ ûçin ony urma, sargydym,
Ene bolsañ, çagalarñy, bagyśla?!

Bildim - altyn ÿaly nyrhly, ekeniñ,
Bildim - erkek ÿaly erkli, ekeniñ.
Bildim - maña gôrà parhly, ekeniñ,
Alyn saçyñ çalaranny, bagyśla?!

Baśarsam, gôreśip gabahat bilen,
Gelerñe garaśyp kanagat bilen.
Ÿûregmi ÿene-de salam hat bilen,
,,Bagyśla!" diÿip, iberenmi, bagyśla?!



***


Bir gezek, bir toÿda içiñiz gysyp,
Baślapsyñyz oglanlara nyrh kesip
Meni sôÿÿândigñi bilÿánler saña,
Bakyp, at baryny dakypdyr maña:


-Kwartirant, ôz baśyna ôÿi ÿok...
-Iliñki deÿ syraty ÿok, boÿy ÿok...
-Gośguçymyś...
-Dál-laÿ kitaby galyñ...
-Aÿ, onda hasaply sowarsyñ pulyñ...
-Beÿle bolmaz, ol içenok, çekenok...
-Daśky gôrûnśûnem keśdim çekenok...
-Bir hilli ulumsy, bakÿar ÿokary...
-Ÿône dáldir oglanlaryñ mekiri...


...Hawa, gyzlar her zat diÿipdir maña,
Señ bolsa gaharyñ gelipdir muña:
Olar at dakmaÿar hany, aÿt kime,
Ÿok, gyzlar at daksa gûlmeli diñe.


Goÿ gûlûśsin gyzlar, çekmerin azar!
Gyzlaryñ gûlkûsi- àlemi bezár!
...Oglanlar hem ,,edÿár gybatlarñyzy"
Ÿône... gôterÿàrler suratlarñyzy.


Gośgular ÿygyndymyñ dûÿśdáki maslahatynyñ protokoly.

( degiśme)


Ÿygnagy, ÿygnagyñ baślygy açdy,
(Adyn aÿtsam Annaberdi Agabaÿ)
Diÿdi: ,, Bir gośgy ÿok syÿahat hakda'
Inim, káte dûnÿálere aÿlanaÿ..."

Soñra diñlediler Mámmet Seÿidi,
Hamana bar ÿaly uly etmiśim.
Šeÿle bir ôÿkeli igenip diÿdi:
,,Ÿaśuliśka gôrnenokla geçmiśiñ?!"

Soñra ,,Tokmakçymyz" Baÿram Jûtdiÿew,
Diÿdi: ,,Duÿgusyzlyk - gaty erbedi,
Ÿazjagyñ çyn bolsa duÿguly ÿazgyn,
Bolmasa-da harlamagyn senedi..."

Garaśmankam Sapar Ôre ôr turyp,
Sôÿgi hakda setirlermi az gôrdi.
Diñe az gôrmek dál, ÿazylanlaryñ,
Ÿazylśynyñ ÿamandygny ÿazgardy.

Šeÿle bir seredip Hudaÿnazarow,
(Ôñ ÿokdu- la onda beÿle serediś?!)
Diÿdi: ,, Howa ÿok ÿerinde ne iśiñ,
Śygyr ÿazmak ûçin ilki ÿere dûś..."

Nury Baÿram bilen Italmaz Nury,
Bile gygyrdylar yzky hatardan:
,,Gośgyny ÿazyśyñ śu boljak bolsa,
Bir dostuñam bolmaz kompozitordan.

Soñam Amandurdy Annadurdyÿew,
(Oñarsa-da sôzler bilen urmany)
Bu gezek kán gûrlemedi śeÿ diÿdi:
,,Šahyr dáldir ÿazmaÿanlar rubagy..."

Maslahata gelen eken deñ duślar:
Medal ÿaly dûzûlipdir hatara.
Olaryñ adyndan ôñe çykdy-da,
Tankytlady Atamyrat Atabaÿ.

Ÿygralyp, ÿylgyryp Azat Rahman,
Diÿdi: ,,Kán ÿazylÿar agalar hakda,
Ynha śu okalan gośgularda-da,
Bir gośgy gôrmedim çagalar hakda..."

Maslahaty Kerim aga jemledi,
Tama etdim, tutar ôÿdûp adymy.
Gaÿta diÿdi: ,,Dogry aÿtdy barysy,
Haÿyp eken ,,śágirt" diÿip tirkánim".

...Maslahata gatnaśan bu śahyrlar-
Dostlardy, ÿamanym basyrypdylar.
Emma Poeziÿa gezek gelende,
Gowśakdygym ûcin tas urypdylar.


Hoślaśyk


Bozup aÿralygyñ dymyślygyny,
Yssy, sowuk, ÿa-da ÿagyśly gûni,
Parhy ÿok, duśuśyp degiśli gûni,__
Biz, birek- birekde rza bolaly?!

Duśuśmagy islesek-de nàçe biz.
Duśuśmakdan ejiz gelÿàr gûÿjûmiz.
(Wah aÿralyk bolÿarmy nà ajysyz?!)
Gel, birek- birekden rza bolaly!

Boś hyÿal yzyna tirkàn ekeni,
Durmuśda aldawa ÿer kàn ekeni.
Ÿûrekler__bir, ÿollar __ bir dàl ekeni,
Gel, birek- birekden rza bolaly!

Bu ÿyllar aksa-da hamana Śabat,
Sôÿenligiñ__ hakdyr, hatlaryñ __ śaÿat.
Olar__ kalba nagyś, gezilse ÿaśap,
Gel, birek- birekden rza bolaly!

Haçan gôrmek nesip edip didaryñ,
Haçan seniñ saçlaryñdan syparyn?!
Kabul etseñ, mydam salam ibàrin,
Biz birek- birekden rza bolaly!

Bir- birekden màrza bolsak eger biz,
Gumanadyr, kynçylygy ÿeñermiz.
Indi biri...ÿanmaz ÿaly jigermiz,__
Gel, birek- birekden rza bolaly!
Elif   Elif (13.08.2019 / 21:00)
Oba geldim.


Salam saña ene ÿerim
Dyzymy epmage geldim.
Giderin, gitman bilmerin,
Bir gelip gitmage geldim.

Šemala el uzadaÿyn,
El uzadyp gôz edeÿin,
Ka-te owlak-guzy deÿin,
Men oÿnap, bôkmáge geldim.

Semala urdurup śana,
Yhlasym berip meÿdana,
Meñzap ôz daÿhan atama,
Men tohum sepmage geldim.

Ÿaśapdyrys pytyraññy,
Bolduk hatar-hatar inni.
Atalammyñ ÿitirenni,
Agtaryp tapmaga geldim.

Satylan gyza


Barjak bolsam, keserip dur mertebäm,
Saňa bu gün başga näme diýeýin?!
Peýdasy ýok, indi özüň örtemäň,
Saňa bu gün başga näme diýeýin?!


Wah, düşen ýeriňde ýerläbileňok,
Gözýaşyň derdinden gürläbileňok...
Etmişleriň üçin gargabilemok,
Saňa bu gün başga näme diýeýin?!


Myhmanlyga çagyrýarsyň, oýun däl.
Ýöne öýüň myhman barjak öýüm däl.
Menem seni unutmaga boýun däl,
Saňa bu gün başga näme diýeýin?!


Gursagymda goýup giden gyýçagyň,
Bildim bu gün, ömürboýy gyýjagyn.
Gyz mahalyň diýipdim-le diýjegim,
Saňa bu gün başga näme diýeýin?!


Gülki ýerne gül ýüzüňde ünji bar,
Boýnuňda däl, kirpigiňde hünji bar.
Aý bolýa-da... Alan oglan mençe bar...
Saňa bu gün başga näme diýeýin?!


Gorkýan…


Aýdan sözlerimi saňa
Geň görersiň öýdüp gorkýan.
Soň meni bir kelesaňa
Deň görersiň öýdüp gorkýan.

Hem-ä agşam, hemem irden
Horlanýaryn hyrydardan.
Kem ýerimi hemmelerden
Öň görersiň öýdüp gorkýan.

Ýollaryňa garaýarkam,
Umytlarmy üwreýärkäm,
Hoş sözüňe ereýärkäm
Doň görersiň öýdüp gorkýan.

“Söýgi” diýilýän daragtyň
Bersin saýalamak bagtyn.
Şatlygy görmeli wagtyň
Gam görersiň öýdüp gorkýan.

Söýgimiň odunda şunça
Garalsam-da - gara tüňçe.
Meniň bardygmy özüňçe
Soň görersiň öýdüp gorkýan.

Ýeňen barmy ýeserlikden,
Kösenen kän kesirlikden.
Bir gün … ýekesiremekden
Möňňürersiň öýdüp gorkýan.


Šahyrlaryñ ady kapiÿalarda" .


Poeziÿamyzda-- bagtyñ ulusy.
Sebábi, bar beÿik Magtymgulysy!

***

Šortalygnyñ deñ ÿaryny Kemine,
Goÿan eken śahyrymyz Kerime.
Šonun ûçin Kerim Gurbannepesiñ,
Śygry bilen ÿazdym ÿaryñ ôÿkesin.

***

Mekdebin geçmeseñ Berdinazaryñ,
Añsat baś beráÿmez kyssa-gazalyñ.

***

Atly gośgulardan gûÿçli serediñ,
,,Atsyz gośgulary Mámmet Seÿidiñ"

***

Gyzlary taryplan Sergeÿ Ÿesenin,
Taryp goÿman diÿdiripdi tas ,,Omyn"

***

Jyda dûśenden soñ Halyl Kulydan,
Poeziya bir ah çekdi uludan.
  Ählisi: 17
Awtor boýunça gözlemek
Mowzugy ýüklemek
Mowzuklara
Ýokary
Baş sahypa
Duralga.Ru - Ähli hukuklar goragly!