#duralga
Saýta girAgza bolmak
Mowzuk | Edebiýat | Goşgy
Gözleg
  MANAMAN..
  Suray (13.08.2019 / 17:39)
Saba söýýäñ.
Günortan
Hunaba berýäñ maña.
Ikindinler köşeşip,
Gaý turuzýañ agşama.

Hem eziz sen,
Hem nejis.
Dünýäñ bar birenaýy.
Sensiz ötürip bolmaz,
Her sagat, gün,
Her aýy.

Söýseñ,
Misli ýaz pasly,
Gülälekler açylýar.
Men ýazyña höwesli,
Pyntyk urup, açyl, ýar!

Dymsañ,
Tomsuñ jokrama
Yssysynyñ petişi.
Wa hasrata, nedamat
Kölegäñe ýetişip,

Irkilip saý ýeriñde
Dem almasam,
Tüssesiz -
buga dönüp giderin
Kelam agyz kyssasyz.

Her günde,
Ýa günaşa,
Söbügimi yzarlap.
Yrsarañda bihuda
Garlar ýagar köwsarlap.

Bilýän,
Ýene dözmersiñ
Salarsyñam külbäñe.
Demiñden dem berersiñ
Üşän göwün ülkäme.

Dört pasyly dünýäñde
Jem eýlegen jenan sen.
Men Nuhuñ körpe ogly,
Manaman sen,
Aman sen.

Ýoklugyñda girmäge,
Mejalym ýok jeñlere.
Sen bolmasañ ýetmerin
Tilkiguýruk dañlara!

Has TÜRKMEN.

çeşme: kitapcy.ga
üýt. Suray (13.08.2019 / 17:41) [1]
Dowran   Dowran (13.08.2019 / 17:42)
Voo
Awtory kimka?! Sheyle ajayyp goshgyñ?
  Suray (13.08.2019 / 17:44)
Awtoryny indi goydum. Sagbolun ilkinji bolup okanyñyza
Dowran   Dowran (13.08.2019 / 17:52)
Wepa Çaryyarow ekeni!
( bashga mowzukda okadym yañy)
Rozalinda   Rozalinda (13.08.2019 / 20:15)
Suray, nira alyp gaçdyň gyz o goşgyny? Menem teswir ýazan bolup otyrn
Rozalinda   Rozalinda (13.08.2019 / 20:16)
Hemmelere-de Suraý goşgyny aýyrdy diýibem aýtdym
  Suray (13.08.2019 / 22:12)
Aytmaya jorajan õçürenimi hic kime

Yazyber indi nace yazsañ teswirlaber
üýt. Suray (13.08.2019 / 22:14) [1]
Elif   Elif (14.08.2019 / 06:47)
Manaman sen,
Aman sen. ???
Elif   Elif (14.08.2019 / 06:54)
Saytlara ilki gelen gûnlerim, ,,Ÿûrekdesh" de Has agañ gośgusyndamy, teswirindemi ÿazan bir dûśûniksiz sôzû ûçin utanypdym. Kimdir birine: ,,Tammanyñy egniñe atyp" diyipdir welin, hic dushunmedim. Ôzûmçe ,,Gûlber" sòzûniñ sinonimidyr diÿdim. Bir gûn Geldimámmedowañ sapygy bolly welin gutaryp çykyp barÿaka ÿuwashjadan soradym. ,,O nireden ÿadyña dûshdi" diÿip güldi
,,Aÿallaryñ icki eśigi" diÿdi. Kakamdan soramanym gowy bolupdyr diÿdim
  Suray (14.08.2019 / 07:42)
Elif, "tammalyñy çykaryp" diyen setir Nobatguly Rejepowyñ goşgysynda bar.

Manaman sen
Aman sen, bu sõziñ hiç hili Türkmen sõzlüginde biedepligi añlatyan yeri yok. Aytmaklaryna gõrä Nuh aleyhissalam adamzat kowmuny halas etmek uçin munen gämisinde gury ýer tapman aylanyp ýõrkäler ahyr Nuhuñ kõrpe ogly bir dagyñ gerşini gõrüp "Aman Aman halas bolduk" diyip gygyrypmyş. Gäminiñ gelip diran ýeri bolsa Manaman dagy --yagny Aman Aman sõzüniñ üýtgemegi netijesinde Manaman bolup galypdyr. Bu Garrygala sebitlerinde Nohur obalarynda ýerleşýan dagyñ ady bolmaly.
üýt. Suray (14.08.2019 / 07:44) [1]
  impra (14.08.2019 / 08:12)
A "Men Nuhuñ körpe ogly"?
  impra (14.08.2019 / 09:01)
@Suraý, Manaman Bäherden etrabynda ekeni
Tekgemuhammet   Tekgemuhammet (14.08.2019 / 09:49)
"Suw görmän tammal çykarma" türkmen atalar sözi. Tammal diñe aýallaryñ içki eşigi däl, erkekleriñki hem. Tursik ol. Tursigiñ hakyky türkmençesi. Biz köne türkmen dilimizi başga diller bn kän çalyşdyk. Şäher sözi hem türkmen sözi däl. Ol pars sözi. Hakyky türkmen sözi kent bolmaly. Şu wagtam "oba-kendimiz" diýip ulanýas kamahal. Gündelik sözleýişde welin ulanamzok. Welaýat, etrap we şuña meñzeş birgiden sözler bar parsdan we ýene bir zatdan alynan...
Elif   Elif (14.08.2019 / 10:04)
Eeee ayyp zat ekena, men icki eshik diyse nagyśly geÿimdir diÿip dushundim. Bagyślañ, utandym
  impra (14.08.2019 / 10:05)
@Tekgemuhammet, dogry "Oguzkent" oteli hem bar
Tekgemuhammet   Tekgemuhammet (14.08.2019 / 10:10)
Bagyşlañ, tammal dälde, tamman bolmalydy
  impra (14.08.2019 / 10:11)
Sözleriñ taryhyny öwrenmek gaty gyzykly zat. Ynha mysal üçin, gadym sogd dilinde "pateram" bolup orta eýran pehlewi diline "padram" şeklinde geçen, arap dilinde "p" harpy ýok bolandygy sebäpli, wagtyñ geçmegi bilen arap diliniñ tasiriniñ netijesinde "baýram" sözüne öwrülip ("Diwan-y lugat-et-türkde" "badram", "beýrem" "Mukaddimetül edebde" bolsa "baýram") diýip görkezilen we häzirki günümize çenli ýetip gelen bu söz "şatlyk, bagt, rahatlyk, aramlyk" manysyny añlladyar.

(Bellik: "baýram" sözüne berilen düşündirişi www.kitapcy.ga saýtyndan Taýmaz Seýidowyñ ýazan teswirinden aldym).
  impra (14.08.2019 / 10:19)
Baýramyñ hakyky türkmençesi bolsa, meñ pikirimçe "kut" (gut) bolmaly, Gutly bolsun, gutly mübärek bolsun ýaly alkyşly dilegler gut sözüniñ köp ulanylýan ýerleridir. Gut sözi goşulan adam atlary hem bar Gutlug han, Gutlymyrat we ş.m..
  Suray (14.08.2019 / 23:39)
Elif, bilmedigiñi soramak bilen ýene-de bilmeyan zatlarmyzy õwrenmegmize sebap bolduñ. Onuñ ýaly sõzleride ulanmaly bolyandyr edebiyatda-da. Ondan utanyp oturasy iş ýokmuka diyyan. Magtymguly hezretleriniñ bir setiri bardyr: "çermenip .... ýalydyr " diyip. Elbet-de jany ýanyp ýazandyr-da şol setiri. Nobatguly Rejepiwda-da şeyle alanyñda "gõdegiraklik"bar. Has aganda gatyrak aydayyan yerleri bar Ýumşak ýazyp gowşaklyk edeniñden gõdek ýazyp berkje aydanyñ ýagšymyka diyyan edebiyatda. Her zadyñ çeni bilen ýerinde ulanylsa ayyp dalmika diýýan ol sõzleri. Ýerlikli ulanylmasa iñ ýakymly sõzem hyrydarsyz galar.
üýt. Suray (14.08.2019 / 23:41) [1]
  Suray (14.08.2019 / 23:53)
Impra, Men Nuhuñ kõrpe ogly
Diyen setiri Manaman dagyny halasgär ada hasaplap aydan simwoly bolaymasa.
  Ählisi: 20
Awtor boýunça gözlemek
Mowzugy ýüklemek
Mowzuklara
Ýokary
Baş sahypa
Duralga.Ru - Ähli hukuklar goragly!