#duralga
Saýta girAgza bolmak
Mowzuk | Edebiýat | Rowaýat
Gözleg
  Arzuwdyr hyýal hem güýçli adamlara laýykdyr.
Elif   Elif (14.08.2019 / 04:33)
Dawa, jenjel gözleýän şermende bilen jedelleşmäň. Ol sen ýanyndakaň zat diýmese-de, seniň ýok ýeriňde saňa töhmet atyp, seni masgara etmäge çalşar.

***

Ömrüni dogry işler edip, haýyr-yhsan bilen meşgul bolan adam ölýän däldir. Onuň ady adamlaryň kalbynda ebedi galar.

***

Eger kimdir biri başga ýurda göçüp barsa, onda ol ýeriň urp-adatyny, dinini we kada-kanunyny sylasyn.

***

Nadanlygyň nämedigine göz ýetiren adama alym diýmek bolar.

***

Kömege mätäç bolanyňda garrylara maslahat sal. «Olar güýçsüz» diýip ruhdan düşme. Garrylar güýçsüz hem bolsa durmuş tejribeleri bardyr. Köp ýerde maksada güýç ýa-da pul bilen ýetilmän, garrylaryň dana pikiri bilen hem ýetmek bolar.

***

Ýaşuly adamlaryň nesihatyny diňlemelidiginiň esasy sebäbi, olar senden öň bu ýollary geçip, onuň belentli-pesli ýerlerine beletdirler. Olaryň bu ýaşda aýşy-eşretden daşlaşmagy dogry oýlanmaga ýardam berýär. Olar özleriniň geçen ýoluna ser salyp, uzak oýlanýarlar. Emma bu ýoly täzeden geçmäge olara rugsat berilmez. Şonuň üçin hem olar ýaşlara wagyz- nesihat edýärler. Şeýle eden ýaşulular adamlaryň arasynda at-abraýa eýe bolýarlar.


***

Arzuwdyr hyýal hem güýçli adamlara laýykdyr.

***

Ýagşy bilen ýamanyň tapawudyny bilmedik, öwgi bilen sögünjiň tapawudyny hem bilmez.

***

Diňe bahyl, gysganç adam dört zatdan, ýagny bergisini bermezlikden, işsiz geçen günden, agzalalykdan we ýurtdaky gopan pitneden lezzet alyp biler.

***

Ata-babalarynyň gazanan at-abraýyna guwanyp, olara meňzemäge çalşan ynsan adamlaryň arasynda üstünlik gazanar we ata-babalarynyň gazanan abraýyny has-da zyýada eder. Ata-babalarynyň at-abraýyna daýanyp, emma olaryň ýoluny tutmadyk ynsan köpçü- ligiň gözünden düşer we ata-babalaryna-da ysnat getirer.

***

Özüňden erjel, nebisjeň we hilegär adam bilen ýoldaş bolma. Sen hemişe onuň kölegesinde bolarsyň.

***

Aşa şatlanmak hem uly aýplary açýandyr. Şatlanan adam özüni ýitirip, köp gürleýär we aýtmasyz zatlary hem aýdýar. Şonuň üçin şatlygyňy hem diňe dostuň ýa- da örän ynamly adam bilen bölüş.
ZyYada   ZyYada (14.08.2019 / 05:21)
Elifjan sagbol ýetireniňe,Säher bilen okap hezil etdim....

Birinji ýüregime teseli berdi,köp zatda dymaklygyň dogrydygyny görkezýän,pikirlendirýän ýazgylar ☺


💐💐💐💐💐💐
Elif   Elif (14.08.2019 / 06:44)
Sizem sag boluñ
  Ählisi: 3
Awtor boýunça gözlemek
Mowzugy ýüklemek
Mowzuklara
Ýokary
Baş sahypa
Duralga.Ru - Ähli hukuklar goragly!